Erdogan DKTR-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Erdogan: “DKTR-nyň baýdagynyň buýsanç bilen pasyrdamagy üçin ähli tagallany ederis” diýip belledi

1306932
Erdogan DKTR-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, 15-nji noýabr DKTR-nyň Garaşsyzlygynyň 36-njy ýyly mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde, DKTR-nyň Garaşsyzlygy üçin janyny beren eziz şehitleri uly hormat bilen hatyralady, Respublikanyň esaslandyryjysy, ýurdyň ozalky Prezidenti merhum Rauf Denktaş başda bolmak bilen, 36 ýyl bäri DKTR-nyň özgermegine, galkynmagyna we şu günlere ýetmegine goşant goşan adamlary ýatlap geçdi.  

Şu günki gün Kiprdäki türkleriň azat ýagdaýda ýaşaýan topraklarynyň, her dürli basyşlara we hemlelere garamazdan Batyrlaryň we Gahrymanlaryň el-ele, egin-egine berip görkezen garşylyk güýjüniň netijesidigini aýdan Erdogan: “Kiprdäki türk doganlarym, uly göreşleri we pidakärlikleri bilen esaslandyran döwletlerini, demokratiýada we ykdysadyýetde gazanan üstünlikleri bilen has hem beýgeltdiler. Emma Adada, adalatly, hemişelik we dowamly bir syýasy çözgüde ýetmek üçin alyp baran tagallalary, gynansagam Kipriň günortasy tarapyndan goldanmady” diýip belledi.

“Esasan hem Kipr türkleriniň, Gündogar Ortaýer deňizinde anyklanan uglewodorod baýlyklaryndaky hukuklarynyň ellerinden alynmagyna asla rugsat bermeris” diýen Erdogan: “Taryhy we ylalaşykly jogapkärçiliklerimiziň çäginde, DKTR-nyň baýdagynyň gury ýerde bolşy ýaly, deňizlerde we al asmanda buýsanç bilen pasyrdamagy üçin ähli tagallany ederis” diýip belledi.


Etiketkalar: #Garaşsyzlyk , #gutlag , #DKTR

Degişli Habarlar