Eren: “Özbegistandan Türkiýede bilim alýanlaryň sany artmaly”

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň başlygy Abdullah Eren Türkiýede bilim alýan özbegistanlylaryň sanynyň artmalydygyny aýtdy

1305177
Eren: “Özbegistandan Türkiýede bilim alýanlaryň sany artmaly”

Eren we ýolbaşçylyk edýän wekiliýeti Daşkende guran saparynyň çäginde Özbegistanyň Ýokary bilim ministri İnam Mejidow tarapyndan kabul edildi.

Duşuşykda ministre Türkiýe stipendiýalary maksatnamasy barada maglumat beren Eren, Özbegistan bilen bilim pudagyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek isleýändiklerini nygtap, Türkiýede 170 ýurtdan 170 müň talybyň ýokary bilim alýandygyny, şonuň 16 müňüniň Türkiýe stipendiýalary talybydygyny aýtdy.

Türkiýe stipendiýalary maksatnamasy üçin şu ýyl 170 ýurtdan 150 müň ýüz tutmanyň edilendigini ýatladan Eren, geljekki ýyllarda Ýokary bilim ministrligi bilen bilelikge geçiriljek tanyşdyryş çäreleri netijesinde Özbegistandan ýüz tutmalaryň we stipendiýaly talyplaryň sanynyň artdyrylmagyny isleýändiklerini nygtady.

Eren Türkiýede 150 sanysy stipendiýaly 1000-den gowrak özbek talybynyň bilim alýandygyny ýatladyp; “Dost we dogan Özbegistandan Türkiýede bilim alýanlaryň sanyny hasam artdyrmak isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar