Ermenistan, Azerbaýjana garşy ýene ot açdy

Hüjümde adam pidasynyň çekilmändigi, emma käbir öýlere zeper ýetirlendigi ýatladyldy

1454452
Ermenistan, Azerbaýjana garşy ýene ot açdy

 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň düýn günorta wagty Towuz welaýatynyň serhetlerinde ýerleşýän Agdam we Dondar Kuşçu obalaryna ot açandygy nygtaldy.

Hüjümde adam pidasynyň çekilmändigi, emma käbir öýlere zeper ýetirlendigi ýatladyldy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, Ermenistanyň ilatly ýerlere ot açmak bilen “Hüjüm edijiligini we terrorçydygyny” ýene-de bir gezek görkezendigi nygtaldy.

Beýanatda, ilatly ýerleri bombalan Ermenistanyň halkara hukugunyň esasy ýörelgelerine äsgermezçilik edendigi bellenildi.

Ermenistanyň ýaragly güýçleri öňňin serhetýakasynda ýerleşýän Towuz etrabyna hüjüm edipdi. Azerbaýjanyň hüjüme gaýtawul bermeginden soň ýitgi çeken ermeni güýçleri yza çekilipdi.

Çaknyşykda Azerbaýjanyň ýaragly gýçlerinden 4 esger şehit bolupdy, 4 esger hem ýaralanypdy.

Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri hem ermeni güýçlerine degişli ýerleri, harby radar bekedini, ulag ammaryny, tanklaryny we sowutly ulaglaryny nyşana alypdy.



Degişli Habarlar