“Ermenistan Bilen Zengezur Koridorynyň Açylmagy Meselesinde Ylalaşyk Gazandyk”

Aliýew, Prezident Erdogana telefon edip Mişel we Paşinýan bileni geçiren duşuşygy hakynda maglumat berdi.

1831335
“Ermenistan Bilen Zengezur Koridorynyň Açylmagy Meselesinde Ylalaşyk Gazandyk”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan bilen demir we gara ýollaryny öz içine alýan Zengezur koridorynyň açylmagy meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny mälim etdi.

Azerbajýan tarapyndan berlen beýannama görä, Ilham Aliýew, Prezident R. T. Erdogana telefon edip ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ýekşenbe güni geçiren duşuşygy hakynda maglumat berdi.

Mişel we Paşinýan bilen ýurdy bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň taýarlanmagy, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy, aragatnaşyk koridorlarynyň açylmagy we serhetleriň kesgitlenilmegi hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Aliýew, duşuşygyň netijeli geçendigini ýatlatdy.

Düýn Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda serhetleriň kesgitlenilmegi üçin döwlet komissiýasynyň döredilmegi hakyndaky karara gol goýandygyna ünsi çeken Aliýew, taraplaryň demir we gara ýollaryny öz içine alýan Zengezur koridorynyň açylmagy meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny belledi.

Prezident Erdogan hem duşuşyk hakynda özüne maglumat berendigi üçin Aliýewe sagbolsun aýtdy we duşuşygyň netijeli geçmeginden hoşaldygyny nygtady.

Erdogan bilen Aliýew telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

 

 

 



Degişli Habarlar