“Ermenistan Ot Bilen Oýnamakdan Ýüz Öwürmeli”

Milli Goranmak ministrligi “Ermenistan ot bilen oýnamakdan ýüz öwürmeli” diýip duýduryş berdi

1494884
“Ermenistan Ot Bilen Oýnamakdan Ýüz Öwürmeli”

Milli Goranmak ministrligi, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň Towuz welaýatynda ylalaşygy basgylandygyny we azerbaýjanly 1 esgeri şehit edendigini mälim etdi.

 Milli Goranmak ministrligi “Ermenistan ot bilen oýnamakdan ýüz öwürmeli” diýip duýduryş berdi.

Milli Goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda, “Ýokary Garabagy bikanun ýagdaýda basyp alan Ermenistan, indi bolsa Towuz welaýatynda ylalaşygy basgylap azerbaýjanly gahryman 1 esgerimizi şehit etdi. Şehidimiza Alladan rehnet, azerbaýjanly doganlarymyza gynanç bildirýäris. Ermenistan ot bilen oýnamakdan gyssagly ýüz öwürmeli” diýildi.



Degişli Habarlar