Fuat Oktaý Azerbaýjana goldaw berip ýüzlenme çap etdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, sosial media hasabyndan ýüzlenme çap etdi

1454465
Fuat Oktaý Azerbaýjana goldaw berip ýüzlenme çap etdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Ermenistan tarapyndan Azerbaýjana guralan we 1-i ofiser jemi 4 harbynyň şehit bolmagy bilen netijelenen hüjümiň kabul edilip bilinjek bir hereket bolmandygyny beýan etdi. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, sosial media hasabyndan "#SeninleyizAzerbaycan" (Seniň bilendiris Azerbaýjan) heştegi bilen ýüzlenme çap etdi. 

Ýüzlenmesinde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary belläp geçen Fuat Oktaý: "Dost we dogan Azerbaýjana Ermenistan tarapyndan guralan hüjüm kabul edilmez, ony berk ýagdaýda ýazgarýarys. Şehit bolan eziz Azerbaýjanly esgerlerimize Alladan rehnet dileýärin. Türkiýe we Azerbaýjan et bilen dyrnakdyr. Hemişe we ähli şertlerde Seniň bilendiris Azerbaýjan" diýip belledi. 



Degişli Habarlar