Fuat Oktaý Hojaly gyrgynçylygynda şehit bolanlary ýatlap geçdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Hojaly gyrgynçylygynda ermenileriň zulumynda wepat bolan şehitleri ýatlap geçdi

1592054
Fuat Oktaý Hojaly gyrgynçylygynda şehit bolanlary ýatlap geçdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Twitter hasabyndan Hojaly gyrgynçylygynyň 29-njy ýyly sebäpli ýüzlenme çap etdi. 

Fuat Oktaý: "Hojalyda 29 ýyl ozal başdan geçirilen wagşyçylyklar ýürekleri paralamaga dowam edýär. Ermenileriň basyp alyşlygy astyndaky Azerbaýjanyň topraklarynyň azat edilmegi, bu gam-gussaly ýüreklere biraz hem bolsa teselli edendir diýip umyt edýärin. Ermenileriň zulumynda şehit bolanlaryň ýatan ýerleri ýagty bolsun" diýip belledi.

Ermenistanyň ýaragly güýçleri Azerbaýjanyň Daglyk Garabag sebitinde 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda, Azerbaýjanyň 613 raýatyny öldüripdi. Waka taryha Hojaly gyrgynçylygy diýip ýazyldy. 



Degişli Habarlar