Fuat Oktaý Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi

Wise-prezident Fuat Oktaý, paýtagt Bakuda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi

1270465
Fuat Oktaý Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi
aliyev-fuat oktay.jpg

Prezidentiň Köşgünde bolan duşuşyk 1 sagat dowam etdi. 

Oktaý ol ýerde eden çykyşynda, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ähli ugurlarda özgerýändigini, geçirilýän Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatynyň ykdysady gatnaşyklaryň has hem özgermegi üçin möhümdigini belledi. 

Duşuşygyň barşynda goranyş senagaty, oba-hojalyk we derman senagaty pudagy boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatynda ylalaşyklar gazanyldy. 

Duşuşygyň yz ýanyndan bolsa, Wise-prezident Fuat Oktaýyň we Azerbaýjanyň Premýer ministri Newruz Memmedowyň ýolbaşçylygynda VIII Türkiýe-Azerbaýjan Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahaty geçirildi. 

Maslahatda çykyş eden Oktaý, protokolyň türk milletine we doganlyk Azerbaýjanyň halkyna düşümli bolmagyny diledi. 

Oktaý we Memmedow ondan soň bolsa VIII Türkiýe-Azerbaýjan Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň protokolyna gol çekdiler. 

 



Degişli Habarlar