Fuzuliniň ýakylmagyna we ýumrulmagyna reaksiýa bildirilýär

Ermenistan tarapyndan 27 ýyl basyp alyşlyk astynda saklanan Fuzuli şäheri 17-nji oktýabrda azat edilipdi

1535213
Fuzuliniň ýakylmagyna we ýumrulmagyna reaksiýa bildirilýär

Halkara Türk medeniýeti we mirasy gaznasynyň başlygy Günaý Efendiýewa, basyp alyşlyk astynda saklaýan Azerbaýjana degişli şäherleri ýakýan we ýumurýan Ermenistana reaksiýa bildirip, dünýä jemgyýetçiligine bu ýagdaýa sessiz galmazlyk barada çagyryş berdi.

Günaý Efendiýewa, basyp alyşlykdan azat edilen Fuzuli şäherine sapar gurandygyny we ol ýerdäki ýagdaýa örän haýran galandygyny mälim etdi.  

Fuzulidäki ähli binalaryň ýumrulandygyny, ýekejede binanyň galmandygyny bellän Günaý Efendiýewa, asuda halkyň ýaşaýan öýleriniň we taryhy eserleriň ýok edilmegini berk ýagdaýda ýazgarýandygyny beýan etdi. 

Efendiýewa: "Fuzulide elhenç ýagdaýa şaýat boldyk. Ol ýerde taryhy ýadygärlikler, metjitler, aramgähler, kerwensaraýlar we binalar ýumrulypdyr. Dünýä jemgyýetçiligi bu aksiýalara reaksiýa bildirmelidir we hukuk taýdan gerek bolan işleri başlatmalydyr" diýip habar berdi. 

Ermenistan tarapyndan 27 ýyl basyp alyşlyk astynda saklanan Fuzuli şäheri 17-nji oktýabrda azat edilipdi. 



Degişli Habarlar