Gazagystan ekin meýdanlarynyň daşary ýurtlylara satylmagyny we kärendä berilmegini gadagan etdi

Gazagystanyň hökümeti ekin meýdanlarynyň daşary ýurtlylar tarapyndan satyn alynmagyny we olara kärendä berilmegini gadagan etdi

1591533
Gazagystan ekin meýdanlarynyň daşary ýurtlylara satylmagyny we kärendä berilmegini gadagan etdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýew, ýurtda 5 ýyl ozal protestlere sebäp bolan oba-hojalyk pudagyna degişli ekin meýdanlarynyň daşary ýurtly maýadarlara açylmagy baradaky kararyň resmi ýagdaýda bes edilendigini habar berdi. 

Jemgyýetçilik ynam milli geňeşinde çykyş eden Tokaýew: "Ekin meýdanlar bilen bagly mesele halkymyz üçin hemişe möhüm bir mesele boldy. Bu döwletimiziň esasy diregi we mukaddes bir nyşanasydyr. Ekin meýdanlarynyň daşary ýurtlylara we ýuridiki şahyslara satylmagy we kärendä berilmeginiň gadagan edilmegi barada karar kabul etdim. Oňa daşary ýurt paýdarlary bolan ýuridiki şahyslar hem degişli" diýip mälim etdi

Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky Gazagystan, möhüm galla, ýag we et öndürijisi ýagdaýynda. Orta Aziýanyň 19 million ilatly ýurdunda, 5 ýyl ozal ekin meýdanlarynyň daşary ýurtly maýadarlara açmak baradaky karar esasan hem Hytaýyň ähli ekin meýdanlaryny we öri meýdanlary eýelejekdigi öňe sürülip, protestlere geçirilmegine sebäp bolupdy. 

Şondan soň hökümet 2016-njy ýylda ýurtda ekin meýdanlaryny daşary ýurtlylara kärendä berilmek baradaky karar togtadylypdy. 



Degişli Habarlar