Gazagystan Özbegistanyň Türk Geňeşine agza bolmak bilen bagly kararyny makullady

Gazagystan Özbegistanyň Türki dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk geňeşine (Türk Geňeşi) agza bolmagyny uly hoşallyk bilen makullaýandygyny belledi

18 Eylül 2019 05:35

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Özbegistanyň Türk Geňeşine agza bolmagyny uly hoşallyk bilen maklullaýandyklary aýan edilip, Türk Dünýäsi üçin möhüm bolan bu kararyň Nahçywan ylalaşygynyň 10-njy ýylyna gabat gelýändigi ýatladyldy.

Beýanatda bu agzalygyň hem Türk Dünýäsiniň integrasiýasyny hem-de Geňeşe agza ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirjekdigi mälim edildi.

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, geçen hepde mesele bilen bagly kararnama gol çekipdi.

Özbegistanyň Türk Geňeşine agzalygynyň 15-nji oktýabrda Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Prezidentleri tarapyndan tassyklanmagyna garaşylýar.

Türk Geňeşi, 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň esaslandyryjysy Nursoltan Nazarbaýewyň başlangyjy bilen döredilipdi.