Gazagystanda II Spordyň milli görnüşleriniň dikeldilmegi forumy geçirilýär

Gazagystanyň Almata şäherinde, “Ruhy täzelenme, spordyň milli görnüşleriniň özgerdilmegi” temaly II Spordyň milli görnüşleriniň dikeldilmegi forumy başlady

1187029
Gazagystanda II Spordyň milli görnüşleriniň dikeldilmegi forumy geçirilýär

Bütindünýä Etnosport konferederasiýasy tarapynda, TIKA-nyň we Gazagystanyň Samruk Kazyna milli bagtyýarlyk gaznasynyň goldawy bilen geçirilýän forumyň açylyş dabarasyna Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapogly, Bütindünýä Etnosport konferederasiýasynyň başlygy Bilal Erdogan, Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýawuz Selim Kyran, Türk Geňeşiniň Baş sekretary Baghdad Amreýew, THÝ-nyň Baş direktory Ilker Aýjy we Gazagystanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Aristanbek Muhamediuli bilen birlikde köp sanda myhman gatnaşdy.

Gazagystanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Aristanbek Muhamediuli, dabarada eden çykyşynda sportlaryňmilli görnüşleriniň we medeni gymmatlyklaryň dikeldilmeginiň möhümdigini belledi.

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Baghdad Amreýew bolsa milli sportlaryň, däp, dessur, haklaryň arasyndaky diplomatiýa ýaly ugurlary öz içinde jemleýändigini nygtady.

Forumda Gazagystanyň milli tagamlary hödür-kerem edildi we milli saz gurallary tanyşdyryldy.

Bäş aýry panelden ybarat we 30 ýurtdan 150 delegadyň gatnaşmagynda geçýän forumda, sportlaryň milli görnüşleriniň özgerdilmegi, 2020-nji ýylda Türkiýede geçiriljek IV Bütindünýä Çarwa oýunlarynyň guralmagy we etnosportyň gün tertibindäki meseleler ara alynyp maslahatlaşylýar.

II Spordyň milli görnüşleriniň dikeldilmegi forumy ertir öz işini tamamlar.


Etiketkalar: #Gazagystan , #forum , #sport

Degişli Habarlar