Gazagystanda iş alyp barýan türk maýaly firmalaryň sany 1939-a ýetdi

Gazagystanyň Türkiýe bilen edýän söwda mukdary 54 göterim artyp 2 milliard 554 million 421 müň dollara barabar boldy

1339633
Gazagystanda iş alyp barýan türk maýaly firmalaryň sany 1939-a ýetdi

Gazagystanyň Milli ykdysadyýet ministrliginiň görkezijilerine görä, 2019-njy ýylyň 1-nji dekabryna çenli ýurtda bellige alynan türk maýaly 3453 firmadan 1939 öz işini dowam etdirýär.

Ady agzalýan firmalaryň 22-i uly, 33-i orta we1884-nji kiçi ululykdaky kärhanalar toparynda ýer alýar.

Ady agzalýan firmalaryň 467-i gurluşyk, 650-sy lomaý söwda, 124-i aşhana we 190-y hem önümçilik pudagynda iş alyp barýar.

508 türk firmasy bolsa ýurduň oba hojalyk, maldarçylyk, transport, bilim we saglygy goraýyş ýaly beýleki ugurlarda hyzmat edýär.

Gazagystanyň Türkiýe bilen edýän söwda mukdary 2019-njy ýylyň 10 aýlyk döwründe 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 54 göterim artyp 2 milliard 554 million 421 müň dollara barabar boldy.

 



Degişli Habarlar