Gazagystanda Siriýa temaly maslahat öz işine başlady

Gazagystanyň paýtagty Nur Soltan şäherinde Siriýa temaly 14-nji Kepillendiriji ýurtlaryň maslahaty, Russiýanyň we Eýranyň wekilleriniň arasyndaky tehniki gepleşikler bilen başlady

1320670
Gazagystanda Siriýa temaly maslahat öz işine başlady

Russiýanyň we Eýranyň wekilleri, Ritz Karlton myhmanhanasynda geçirilen tehniki gepleşikleriň çäginde özara duşuşyk geçirdiler.  

Maslahatyň gün tertibini zamun alynan adamlaryň azat edilmegi we dereksiz ýiten adamlaryň gözlegleri ýaly ynam artdyryjy ädimler, halkara maslahatyň geçirilmegi, bosgunlaryň öýlerine gaýdyp barmaklarynyň çäginde Siriýa döwletine giň-gerimli ynsanperwer kömekleriň artdyrylmagy, Konstitutsiýa komitediniň işleriniň başlamagynyň çäginde syýasy etabyň özgerdilmegi ýaly meseleler emele getirýär.

Russiýanyň wekiliýetine ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentiýew, Eýranyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Hüseýin Jabiri Ensari ýolbaşçylyk edýär. Türkiýäniň wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal ýolbaşçylyk edýär.   

Maslahata BMG-nyň adyndan bolsa BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Geir Pedersen wekilçilik edýär.

Siriýanyň hökümetiniň we harby oppozisiýanyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ertir geçiriljek maslahatyň esasy bölüminde bolsa umumy beýannamanyň kabul edilmegine garaşylýar.

Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň kepilligi astynda geçirilýän Astana formatly gepleşikler 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri dowam edýär.



Degişli Habarlar