Gazagystanda we Azerbaýjanda koronawirusa ýolugan 4 türk raýaty Türkiýä getirildi

Keselliler bejergi üçin hassahanalara ugradyldy

1453317
Gazagystanda we Azerbaýjanda koronawirusa ýolugan 4 türk raýaty Türkiýä getirildi

 

Gazagystanda we Azerbaýjanda koronawirusa ýolugan 4 türk raýaty Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan uzadylan tiz kömek uçar bilen Türkiýä getirildi.

Gazagystanda koronawirusa ýolugan 39 ýaşyndaky Ibrahim K, 55 ýaşyndaky Haluk K we 42 ýaşyndaky Ibrahim B bilen Azerbaýjanda ýaşaýan 41 ýaşyndaky Ali U, bejergileriniň Türkiýede dowam etmegini talap edipdi.

Saglygy goraýyş ministrli tarapyndan ugradylan tiz kömek uçar düýn paýtagt Ankaradaky Esenboga howa menzilinden uçdy we Almatydan, Astanadan we Bakudan türk raýatlaryny getirdi.

Keselliler bejergi üçin hassahanalara ugradyldy.



Degişli Habarlar