Gazagystanda ýylyň 10 aýynda 74,8 million tonna nebit öndürildi

Bu barada ýurduň Ernegetika ministrliginden berilen beýannamada aýdylýar

1304159
Gazagystanda ýylyň 10 aýynda 74,8 million tonna nebit öndürildi

Gazagystanyň Energetika ministrliginden berilen beýannamada ýylyň 10 aýynda nebit önümçiliginiň 74,8 million tonna barabardygy nygtalyp, şonuň 59,56 tonnasynyň eksport edilendigi habar berildi.

Ýurduň esasy nebit känlerinden Şaganda 11,5 million tonna, Tengizde 24,6 million tonna we Karaçaganakda 9,1 million tonna nebit öndürilendigi barada aýdylýan beýannamada; “Nebit guýularyndaky abatlaýyş işleri sebäpli esasy önümçiligiň bes edilendigi garamazdan garaşylýan nebit önümçiligi ýokarlady” diýilýär.

Beýannamada geçen 90,4 million tonna nebit öndürilendigi ýatladylyp, üstümizdäki ýyl nebit önümçiliginiň 90,5 million tonna barabar bolmagyna garaşylýandygy nygtaldy.

Ýanwar-oktýabr aýlarynyň aralygynda ýurtda 46,3 milliard m3 tebigy gazyň öndürilendigi nygtalyp, şol mukdaryň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 1,5 göterim ýokar bolandygy bellenilýär.

Beýannamada 10 aýda 402 megawat güýjünde 14 sany gaýtadan işlenýän energiýa önümçilik desgasynyň ulanmaga berilendigi ýatladylyp; “Ýylyň ahyryna çenli 104,8 megawat güýjüne eýe 4 sany täze desga ulanmaga beriler” diýilýär.



Degişli Habarlar