Gazagystandaky aşa sowuk howa sebäpli 14 adam bejergi astyna alyndy

Gazagystanyň paýtagty Astana bilen Karaganda, Pawlodar we Gündogar Gazagystan welaýatlarynda howanyň sowuklyk derejesiniň 35 gradusdan hem peselmegi sebäpli mekdeplere arakesme berildi

1140596
Gazagystandaky aşa sowuk howa sebäpli 14 adam bejergi astyna alyndy

Astana gubernatorlygynyň Jemgyýetiň saglygy goraýyş edarasy, sişenbe güni başlan aşa sowuk howa sebäpli 4-si çaga bolmak bilen jemi 14 adamyň bejergi astyna alynandygyny, bejergi astyna alynan adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň gowudygyny habar berdi.

Gubernatorlyk, şäherleriň ýaşaýjylarynyň ýylanyp biljek ýerleriň sanawyny çap etdi. Gubernator Bahyt Sultanow bolsa halky sowukda daşarda galan adamlar üçin ünsli bolmaga çagyrdy.

Astananyň Adatdan daşary ýagdaýlar departamenty, halky ulaglary bilen uzak ýolagçylyk etmezlikleri we mejbur bolmadyklary saýyn daşary çykmazlyklary barada duýduryş berdi.

Beýleki tarapdan Karagada, Pawlodar we Gündogar Gazagystan welaýatlarynda hem bilime arakesme berilendigi mälim edildi.

Gazagystanyň Gidrometeorologiýa merkezinden berilen beýanatda, gündiz -27 gradus bolan howanyň sowuklyk derejesiniň gijelerine -37 gradusa çenli aşaklajakdygy, sowuk howanyň hepdäniň ahyryna çenli dowam etjekdigi aýan edildi.



Degişli Habarlar