Gazagystandaky protestlerde jemi 225 adamyň ýogalandygy mälim edildi

Serik Şalabaýew, ýurtda zorlukly wakalar bilen geçen protestlerde ýogalan adamlar barada maglumat berdi

1763202
Gazagystandaky protestlerde jemi 225 adamyň ýogalandygy mälim edildi

Gazagystanyň Baş Prokuory Serik Şalabaýew, ýurtda geçen zorlukly wakalarda 19-y howpsuzlyk güýçlerinden bolan jemi 225 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Serik Şalabaýew, ýurtda zorlukly wakalar bilen geçen protestlerde ýogalan adamlar barada maglumat berdi. 

Şalabaýew geçiren metbugat ýygnagynda: "Morglara ýogalan 225 adam getirildi, aralarynda 19-y  polisiýa işgärlerinden we esgerlerden ybarat. 3 müň 393-i howpsuzlyk güýçlerinden bolan jemi 4 müň 353 adam bolsa ýaralandy" diýip habar berdi. 

Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary Asel Artakşinow bolsa ýogalan 225 adamyň 175-siniň saglygy goraýyş merkezlerinde hasaba alynandygyny mälim etdi. 

Gazagystanda 2-nji ýanwarda suwuklandyrylan gazyň bahalarynyň gymmatladylmagy we durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli protest aksiýalar geçipdi. 

Prezident Kasym Žomart Tokaýew, protestleriň jogapkäri hökmünde görülen hökümediň iş başyndan çekilmek baradaky arzasyny kadul edipdi. 

Protestleriň ýaýramagy sebäpli ýurdyň 3 uly şäherinde we 14 welaýatda adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizildi. 

Prezident Tokaýew, 11-nji ýanwarda mejlisde eden çykyşynda bolsa ýurtda konstitutsion düzgüniň ýola goýulandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar