Gazagystanyň paýtagty Nur Soltanda karantina yglan edildi

Özbegistanda ýene-de 3 adama koronawirusyň ýokaşmagy bilen ýurtda hasaba alynanlaryň sany 11 adama ýetdi.

1379896
Gazagystanyň paýtagty Nur Soltanda karantina yglan edildi

Azerbaýjanda ýene-de 3 adama koronawirusyň ýokaşmagy bilen ýurtda Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 21 adama ýetdi.

Ýurtda 19-njy martdan başlap Baku bilen Sumgaýyta we Abşerona beýleki şäherlerden we etraplardan syýahat etmek 29-njy marta çenli gadagan edildi.

Beýleki tarapdan Azerbaýjanyň Milli Mejlisi, pandemýany öňüni alyjy çäreleriň çäginde karantina düzgünini bozanlaryň we wirusyň ýaýramagyna sebäp bolanlaryň jezalandyrylmagyny göz öňünde tutan kanuny üýtgetmäni tassyklady.

Düýn adatdan daşary ýagdaý yglan eden Ermenistanda hem Kowid 19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 64 adama ýetdi.

Özbegistanda ýene-de 3 adama koronawirusyň ýokaşmagy bilen ýurtda hasaba alynanlaryň sany 11 adama ýetdi.

Daşary işler ministrligi, daşary ýurtlardaky özbek raýatlarynyň ýurda getirilmegi üçin ýörite uçar saparlarynyň guraljakdygyny mälim etdi.

Gazgystanda ýene-de 14 adama wirusyň ýokaşmagy bilen koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 32 adama ýetdi.

Gazagystanyň paýtagty Nur Soltanda karantina yglan edildi.

Gyrgyzystanda heniz Kowid 19 sebäpli hasaba alynan bolmady. Gyrgyz hökümeti görlen çäreleriň çäginde  daşary ýurtlylaryň ýurda girmegini gadan etdi.



Degişli Habarlar