Gazagystanyň Prezidenti Eýranda Saparda Bolýar

Gazagystanyň Prezidenti Kassym Jomart Tokaýew, Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý bilen duşuşdy.

1845650
Gazagystanyň Prezidenti Eýranda Saparda Bolýar

Resmi sapar bilen Eýrana baran Gazagystanyň Prezidenti Kassym Jomart Tokaýew, Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý bilen duşuşdy.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Hamaneý bilen Tokaýew paýtagt Tähranda bolan duşyşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Duşuşyga Eýranyň Prezdienti Ebrahim Raisi hem gatnaşdy.

Eýran bilen Gazagystanyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklara ünsi çeken Hamaneý, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmalydygyny belledi.

Hamaneý, syýasy we ykdysady ugurlarda edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin çagyryş berdi.

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan hüjümleri hakynda hem durup geçen Ali Hamaneý, bu ýerde esasy meseläniň Günbatarly ýurtlaryň NATO-nyň giňelmegi we we öz täsirleriniň güýçlenmegi üçin edýän tagallalary bilen arabaglanşyklydygyny aýtdy.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew bolsa Raisi bilen birnäçe ugurda gepleşik geçirýändigini we Eýran bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyny maksat edinýändiklerini belledi.

Tokaýew, ýanwar aýynyň başynda ýurdunda başdan geçirlen agdarlyşyk synanşygyndan soňky ýagdaý hakynda hem maglumat berdi.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, saparynyň çäginde düýn Prezidenti Raisi bilen duşuşypdy we iki ýurduň arasynda ministrler derejesinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan 9 ylalaşyga gol çekişilipdi.

 

 



Degişli Habarlar