Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Özbegistana Iş Saparyny Gurady
Tokaýew bilen Mirziýoýew, taryhy Hywa şäherinde duşuşdy.
Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, taryhy Hywa şäherinde duşuşdy.
Gazagystan tarapyndan berlen beýannama görä, Prezident Kassym-Žomart Tokaýew Özbegistana iş saparyny gurady.
Tokaýewi Ürgenç şäheriniň howa menzilinde Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew garşylady.
Garşylama dabarasyndan soň iki lider Özbegistanyň taryhy Hywa şäherine gitdi.
Liderler duşuşykda esasan Orta Aziýanyň durnuklylygy we howpsuzlygy hakynda pikir alyşdy.
Tokaýew bilen Mirziýoýew Orta Aziýa ýurtlarynyň döwlet Ýolbaşçylarynyň 6-njy maslahaty üçin görülýän taýarlyklar hakynda hem pikir alyşdy.
Gazak-özbek hyzmatdaşlygynyn ähli taraplaýyn ösmegine kanagatlanma bildiren Tokaýew, 2023-nji ýylda özara söwda mukdarynyň 4,4 milliard dollara çenli baryp ýetendigini we iki ýurduň energetika, aragatnaşyk we oba hojalyk pudagy boýunça bilelikde 60 taslamany durmuşa geçirýändigini belledi.
Degişli Habarlar
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Almatyda Duşuşar
Jeýhun Baýramow bilen Ararat Mirzoýan 10-njy maýda Gazagystanyň Almaty şäherinde duşuşar.
Ženewada Türk Hepdeligi Geçirildi
Türki döwletleriň guramasynyň ýolbaşçylyk etmeginde ilkinji gezek Ženewada Türk hepdeligi geçirildi.