Gazagystanyň Senato Türkiýe bilen harby hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygy tassyklady

Ylalaşyk Senatdan soň Prezidentiň garamagyna hödürlendi

1318073
Gazagystanyň Senato Türkiýe bilen harby hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygy tassyklady

Senatda Goranmak ministrliginiň resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyk ara alynyp maslahatlaşyldy. Sese goýulşykdan soň ylalaşyk tassyklamagy üçin Prezidentiň garamagyna berildi.

Gazagystanyň Goranmak ministriniň orunbasary Timur Dandybaýew maslahatda sözlän sözünde ylalaşyga geçen ýylyň sentýabr aýynda Anakarada gol çekişilendigini, maksadyn iki ýurduň arasynda deňlige we özara bähbide esaslanýan uzak möhletli harby hyzmatdaşlygyň hasam ösdürmekden ybaratdygyny aýtdy.

Ylalaşyk Gazagystan bilen Türkiýäniň arasynda harby hyzmatdaşlyk, harby taýarlyklar we tälim, bilelikde türgenleşikleriň geçirilmegi, goranyş senagaty, parahatçylykly operasiýalar, harby, ylmy we tehniki barlaglaryň geçirilmegi hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegini öz içine alýar.

 



Degişli Habarlar