Gyrgyzystanda Etno medeniýet festiwaly geçirildi

Türk dünýäsiniň bu ýylky medeni paýtagty bolan Gyrgyzystanyň 2-nji iň uly şäheri Oş şäherinde, Etno medeniýet festiwaly geçirildi

1187140
Gyrgyzystanda Etno medeniýet festiwaly geçirildi

Oşyň şäher häkimliginiň ýolbaşçylygynda geçirilen festiwalda, gyrgyz halkynyň, bäbegi ýatyrmak, nahar etmek, myhman kabul etmek, gudaçylyga gitmek, gaýyn ene we gaýyn atanyň öňünden çykmak we mundan başgada ençeme däp-dessur sahnalaşdyryldy.  

Festiwalyň çäginde Gyrgyz çadyrynyň ýygnalmagy, çarwa esgerleriň egin-eşikleri we söweş ýaraglary sergilendi. 

Oş şäherinde ýaşaýan özbekler, uýgurlar, koreýler, hytaýlar, ruslar hem milli tagamlary we milli egin-eşikleri bilen medeniýetini we folklorlaryny tanyşdyrdylar. 

Oş şäherine gelen resmi wekiliýete semene hödür edildi. 

Beýleki tarapdan Oşyň şäher häkimi Taalaýbek Sarybaşew, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň wekiliýetleri we ilçileri bilen birlikde beýleki ýurtlardan gelen myhmanlary kabul etdi. 

Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat ministri Azamat Žamankulow hem Oş şäheriniň 3 müň ýyllyk taryhyna buýsanýandyklaryny beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar