Ilham Aliýew halkyny Nowruz baýramy bilen mähirli gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Kowid-19-a garşy berk çäre görendiklerini aýtdy

1381407
Ilham Aliýew halkyny Nowruz baýramy bilen mähirli gutlady

Aliýew Nowruz baýramy mynasibetli halka ýüzlenip eden çykyşynda, halky Nowruz baýramy bilen mähirli gutlady we gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

Dünýäniň gün tertibinde esasy orun eýeleýän koronawirusa we bu keseliň pandemiýa hökmünde yglan edilmegine ünsi çeken Aliýew Kowid-19-yň dünýäniň çar tarapyna ýaýramagy ösen ýurtlaryň hem pandemiýanyň öňüni alyp bilmändigini görkezdi. Kowid-19-a garşy hiç hili derman ýada sanjym ýok we haçan öndüriljekdigini hem hiç kim bilmeýär. Şol sebäpli koronawirusyň hasaba alynan ilkinji günlerinden başlap Kowid-19-yň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy üçin hökümet hökmünde degişli çäreleri gördük we görmäge dowam edýäris” diýdi.

Aliýew dünýäniň täze döwre gadam basandygyna ünsi çekdi we azerbaýjanlylary jogapkärçilikli we arkalaşykly hereket etmäge çagyrdy.



Degişli Habarlar