Ilham Aliýew, Sergeý Lawrowy kabul etdi

Azerbaýjanyň Prezident Ilham Aliýew, Daglyk Karabag meselesi boýunça gynansakda ünsleri özüne çeken bir netije alynmandygyny aýan etdi

1316663
Ilham Aliýew, Sergeý Lawrowy kabul etdi

Ilham Aliýew, Azerbaýjana sapar guran Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Azerbaýjanyň Prezident Diwanynyň beren maglumatyna görä, Aliýew, 2019-njy ýylyň Russiýa-Azerbaýjan söwda gatnaşyklary taýdan üstünlikli bir ýyl bolandygyny, ýylyň ahyryna çenli söwda kuwwadyndaky artyşyň 25 göterim boljakdygyny beýan etdi.

Transport ugrunda gowy netijeleriň alynandygyny, golaýda Samur derýasynda gurulýan köprüniň açyljakdygyny aýdan Aliýew, Russiýa-Azerbaýjan gatnaşyklarynda dinamizmiň goralýandygyny aýan etdi.

Daglyk Karabag meselesiniň hem üstünde durup geçen Aliýew: “Daglyk Karabag meselesi boýunça gynansakda ünsleri özüne çeken bir netije alynmady. Munyň bolsa esasy sebäbi Ermenistanyň hökümetiniň netijesiz syýasaty, esasan hem Karabagyň Ermenistana degişli bolandygy baradaky beýanatlary. Bu geň beýanata hem siz hem-de beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary tarapyndan laýyk ýagdaýda jogap berilendigine begendim. Biz AGIT Minsk toparynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygmyzy dowam etdireris. Ýakyn wagtda Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleri duşuşyk geçirerler. Gepleşikler tapgyryna işjeň ýagdaýda gatnaşjakdygyňyza ynanýaryn” diýip belledi.

Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda kuwwadynyň barha artyp, şu ýyl 3 milliard dollara golaýlandygyny habar berdi.

Russiýanyň Azerbaýjana gönüden maýa goýumlarynyň 1,5 milliard dollardygyny aýdan Lawrow, Azerbaýjanda Russiýa degişli 300-den gowrak kärhananyň iş alyp barýandygyny aýan etdi.

Daglyk Karabag meselesiniň syýasy çözgüdi üçin entek ediljek köp işiň bardygyny aýdan Lawrow, taraplaryň BMG-nyň Normatiwleriniň we Helsinkidäki Gutarnykly aktynda bellenen esaslara bap gelmeýän beýanatlardan uzak durmalydygyny aýan etdi.  



Degişli Habarlar