Kipriň grek böleginiň, DKTR-nyň baýdagynyň ýakylmagyna reaksiýa bildirmezligi ünsleri özüne çekýär

DKTR-nyň baýdagynyň ýakylmagyna reaksiýa bildirmedik Kipriň grek böleginiň ýolbaşçylaryna we syýasy partiýalara garşylyk görkezildi

1308031
Kipriň grek böleginiň, DKTR-nyň baýdagynyň ýakylmagyna reaksiýa bildirmezligi  ünsleri özüne çekýär

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Kudret Özersaý, DKTR-nyň döredilen gününiň 36 ýyllygynda Kipriň grek böleginde DKTR-nyň baýdagynyň ýakylmagyna hiç hili reaksiýa bildirmedik Kipriň grek böleginiň ýolbaşçylaryna we syýasy partiýalara garşylyk görkezdi.

Kudret Özersaý mesele hakynda beren beýanatynda, Kipriň grek böleginiň ýolbaşçylarynyň we syýasy partiýalarynyň tutumyny tankyt etdi.

Özersaý “Kipriň grek böleginiň liderleriniň we syýasy partiýalaryň dymmagy ünsleri özüne çekýär” diýdi.

DKTR-nyň baýdagynyň ýakylmagyna hiç hili reaksiýa bildirmezligiň wakany tassyklamak manysyny aňladýandygy barada duýduryş beren Özersaý, “Aslynda esasy howp Kipr türklerini nyşana alan şuňa meňzeş hereketleriň dymmak bilen tassyklanmagydyr. Kipriň grek böleginiň lideri Jenap Nikos Anastasiadesiň bu wakalary ýazgarýan hiç hili beýanat bermezligin dogry däl. Şuňa meňzeş wakalar ýazgarylman we degişli çäreler görülmän halatynda Kiprde ynamsyzlyk has çuňlaşar. Jenap Anastasiadesi jogapkärçililikli çemeleşmäge etmäge çagyrýaryn. Bu meselede dymmak gowulygyň alamady däl” diýdi.

 



Degişli Habarlar