Kipriň Günorta Böleginiň Dolanşygy Status-kwonyň Tarapynda Durýar

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugrulogly Kipr meselesi hakynda beýanat berdi.

1846231
Kipriň Günorta Böleginiň Dolanşygy Status-kwonyň Tarapynda Durýar

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugrulogly Günorta Kipriň grek dolanşygynyň soňky döwürde hamala ynamy güýçlendiriji maksatnamasynyň ýeke-täk maksadynyň grekleriň “döwlet” türkleriň bolsa “şol döwletiň jemagatlaryndan biri” bolma derejesini berçinlemekden ybaratdygyny aýtdy.

Tahsin Ertugrulogly şol maksatnama hakynda beýannama berdi.

“DKTR-nyň Kipr meselesinde adyl we durnukly ylalaşygyň gazanylmagy üçin beýan eden täze döwlet syýasatyny, ýagny iki aýry özygtyýarly, deň derejeli döwlet hakykatnyň käbir gatlaklar tarapyndan ykrar edilmezligi gynandyryjy, emme geň galdyryjy däl” diýen Ertugrulogly, şol gatlaklaryň tas 60 ýyldan bäri dowam edýän gepleşikler tapgyrlarynda görülmedik we ylalaşylmadyk “federasiýa” esasly ylalaşyk modelinden henizem ýetilmegi mümkin bolan maksat ýaly umyt bilen taryplamaklarynyň üns çekijidigini beýan etdi.

Ministr Ertugrulogly: “Grek tarapynyň uzak ýyllardan bäri kabul etmän gelýän we şu günki günde dünýäniň gözüni boýamak üçin kabul edýän ýaly görünýän “federasiýa” modeliniň aslyna garalanda grek dolanşygy tarapyndan dilde “Kipr Respublikasynyň” özgerdilmegi netijesinde dörediljek model hökmünde analiz edilýändigini görmezlik ýa-da görmediksiremek, hakykatdan hem üns çekiji.

Şol gatlaklaryň hakykartlar bilen ýüzleşmekleri üçin ilki bilen “federasiýa” modeline esaslanýan gepleşikler tapgyrynyň şu günki güne çenli näme üçin netije bermändiginiň jogabyny seretmekleri we onuň jogabyny bermekleri gerek” diýdi.

Ertugrulogly: “Grek tarapynyň esasy maksady status-kwony dowam etdirmekdir. Status-kwodan güýç alýan grek dolanşygynyň ony ortadan aýyrmak ýa-da üýtgetmek maksady we syýasaty ýok. Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda hökmürowan bolmakdan başga maksada hyzmat etmeýän grek tekliplerini geňeşmäge degerli hasap edýän käbir töwerekleriň ertirki günde ýaşamaga ýer tapmajakdygymyzy görmeklerini umyt edýärin” diýdi.

 



Degişli Habarlar