Koreýa Respublikasynyň Prezideni Mun Çže Gazagystana bardy

Gazagystan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda mukdary geçen ýyl 4 milliard dollara ýetdi

1188052
Koreýa Respublikasynyň Prezideni Mun Çže Gazagystana bardy

Koreýa Respublikasy, Gazagystanyň öz işlegine laýyklykda ýadro ýaraglaryndan ýüz öwürmeginiň Koreýa Ýarymadasy üçin uly göreldedigini belledi.

Resmi sapar bilen Gazagystanyň paýtagty Nur Soltana baran Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže, Prezident Kasym Jömert Tokaýew tarapyndan prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylandy.

Tokaýew duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn pajarlap ösýändigini nygtady.

Tokaýew “Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin hökümetara komissiýa iş alyp barýar. Raýatlarymyz wizasyz syýahat edýärler we yzygiderli uçar saparlarymyz başlady” diýdi.

Prezident Tokaýew, Gazagystan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda mukdarynyň geçen ýyl 4 milliard dollara ýetendigini belledi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže hem kärdeşi Tokaýew bilen Koreýa Ýarymadasy we Orta Aziýadaky syýasy ýagdaý bilen birlikde özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Koreýa Respublikasynyň, Gazagystanyň 2050 galkynyş strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde esasy hyzmatdaşydygyny aýdan Mun, söwda, maýa goýum, saglygy goraýyş, medeisina we infstruktura ýaly uğurlarda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigine ünsi çekdi.

Mun, Gazagystanyň Koreýa Ýarymadasyndaky parahatçylyk etabyna goldaw berýändigini belledi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar