Mejlisiň başlygy Ýyldyrym Gyrgyzystana bardy

TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym, Gyrgyzystanda meşhur gyrgyz ýajyzy Çengiz Aýtmatowyň aramgähine baryp gördi

1102152
Mejlisiň başlygy Ýyldyrym Gyrgyzystana bardy

Mejlisiň başlygy Binali Ýyldyrym, Ata-Beýt gonamçylygyndaky gyrgyzlaryň Rus patyşalygyna garşy gozgalaňynda ýogalan adamlaryň ýagty ýädygärligine bagyşlanyp gurulan ýadygärlige, Stalin tarapyndan gyrylan gyrgyz intellektual adamlarynyň ýädygärligine we Çengiz Aýtmatowyň guburyna gül desselerini goýdy.

Aýtmatowyň guburynda okalan Gurhandan aýatlary diňlän Ýyldyrym we ýanyndaky wekiliýet doga etdiler.

Binali Ýyldyrymyň Gyrgyzstan saparyna Gyrgyzystan Parlamendiniň başlygynyň orunbasary Mirlan Bakirow, TBMM-niň başlygynyň wekili Jelal Adan, Türkiýe-Gyrgyzstan Parlamentara Dostluk toparynyň başlygy Sabri Öztürk, Adalat we ösüş partiýasynyň Kars welaýatynyň deputaty Ahmet Arslan, Respublikan Halk partiýasynyň Ankara deputaty Gamze Taşçyer, Gowy partiýanyň Samsun welaýatynyň deputaty Bedri Ýaşar we ýanyndakylar ýoldaşlyk etdi.

Premýer ministr Kalyý Abylgaziýew bilen hem duşuşyk geçiren TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym, Gyzrgyzystanyň Premýer ministrinden ýurdundaky FETÖ degişli mekdepleriň ýapylmagyny isledi.



Degişli Habarlar