Mewlüt Çawuşogly Azerbaýjana Gynanç Bildirdi

Çawuşogly “Jan Azerbaýjana goldaw bermäge dowam ederis” diýdi

1495196
Mewlüt Çawuşogly Azerbaýjana Gynanç Bildirdi

Milli Goranmak ministrligi, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň Towuz welaýatynda ylalaşygy basgylandygyny we azerbaýjanly 1 esgeri şehit edendigini mälim etdi.

 Milli Goranmak ministrligi “Ermenistan ot bilen oýnamakdan ýüz öwürmeli” diýip duýduryş berdi.

Milli Goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda, “Ýokary Garabagy bikanun ýagdaýda basyp alan Ermenistan, indi bolsa Towuz welaýatynda ylalaşygy basgylap azerbaýjanly gahryman 1 esgerimizi şehit etdi. Şehidimiza Alladan rehnet, azerbaýjanly doganlarymyza gynanç bildirýäris. Ermenistan ot bilen oýnamakdan gyssagly ýüz öwürmeli” diýildi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Azerbaýjana guraýan hüjümlerini bes etmegi üçin Ermenistana çagyryş berdi.

Mewlüt Çawuşoglu düýn Ermenistanyň guran hüjümlerinde şehit bolan Elşen Memmedow üçin azerbaýjanyň halkyna gynanç bildirdi.

Çawuşoglu, Twitterden beren habarnamasynda, Ermenistan tarapyndan guralan hüjümde şehit bolan Elşen Memmedow üçin Alladan rehnet diledi.

Şehidiň hossarlaryna we doganlyk ýurt azerbaýjanyň halkyna gynanç bildiren Çawuşoglu, Ermenistana hüjümlerini bes etmegi üçin çagyryş berdi.

Çawuşoglu “Jan Azerbaýjana goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.



Degişli Habarlar