Mustafa Şentop Azerbaýjan saparyny dowam etdirýär

Mustafa Şentop, ondan soň bolsa Baku Türk Şehitligine hem gül çemenini goýdy

1828413
Mustafa Şentop Azerbaýjan saparyny dowam etdirýär

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň (EITPA) 3-nji Baş konferensiýasyna gatnaşmak maksady bilen giden Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Şehitlikleri zyýarat etdi. 

TBMM-nyň Başlygy Mustafa Şentop, Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa we konferensiýa gatnaşýan beýleki myhmanlar bilen zyýarat edip, merhum Prezident Haýdar Aliýewiň aramgähine gül çemenini goýdy. 

20-nji ýanwar şehitleriniň jaýlanan Şehitler Hyýabanyny hem zyýarat eden Şentop we beýleki resmiler, ol ýerdäki Baku alaw ýadygärligine hem gül desselerini goýdylar. 

Mustafa Şentop, ondan soň bolsa Baku Türk Şehitligine hem gül çemenini goýdy. 

Şentop şehitligiň ýadygärlik depderine şulary ýazdy: "Eziz şehitlerimiz, türk milletiniň ýigitleri, 104 ýyl ozal bu topraklary öz watanymyz ýaly goramak üçin azerbaýjanly doganlarymyz bilen bilelikde şehit boldylar. Özygtyýarlylyk we azatlyk ugrunda pida eden janlaryňyz bilen Azerbaýjana bu watany goýup gitdiňiz. Ganlaryňyz bilen suwlan bu topraklarda pyntyklaýan ýaş nahallar, şu günki gün şol bir ygtyýar we ruhyýet bilen şol gün siziň eliňizde galdyrylan baýdagy has hem ýokary götermek üçin tagalla edýärler".



Degişli Habarlar