Mustafa Şentop, Garabagyň Simwoly Şuşa Şäherine Bardy

Mejlis başlyklaryna şäheriň arhitekturasy bilen Azerbaýjanyň halkynyň milli we medeni mirasy hakynda maglumat berildi.

1829054
Mustafa Şentop, Garabagyň Simwoly Şuşa Şäherine Bardy

Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentarlar Assambleýasynyň 3-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Garabagyň simwoly bolan Şuşa şäherine bardy.

TBMM-niň başlygy Şentop, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa, Pakistanyň Milli Mejlisiniň başlygy Raža Perwaiz Asraf we Täjigistanyň Mejlisiniň başlygy Mamadtoir Zokirdoza bilen birlikde Şuşa bardy.

Paýtagt Bakudan uçan uçar, ermeni basyp alyşlygynyň bes edilmeginiň yzy ýanyndan gurluşygyna başlanan we 2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda ulanylmaga berlen Fuzuli howa menziline gondy.

Mustafa Şentop bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar Fuzuliden täze gurlan Ýeňiş ýoly bilen taryhy Şuşa şäherine bardy.

Mejlis başlyklaryna şäheriň arhitekturasy bilen Azerbaýjanyň halkynyň milli we medeni mirasy hakynda maglumat berildi.

Mustafa Şentop bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar Azerbaýjanyň medeniýet paýtagty Şuşada şäher meýdanyna, gala, şahyr Hurşitbanu Hatawanyň öýüne, şahyr Molla Wagifiň türbedine, Çadyr düzlügine we metjitlere baryp gördi.

 

 



Degişli Habarlar