Nazarbaýewden Putine we Zelenskä araçylyk etmek teklibi

Gazagystanyň ozalky Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Ukraina krizisiniň çözgüdi bilen bagly Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine we Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskä araçylyk etmek bilen bagly teklip hödürledi

1304882
Nazarbaýewden Putine we Zelenskä araçylyk etmek teklibi

Nazarbaýew, Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde geçirilen Astana kluby maslahatynyň nobatdaky 5-njisinde eden çykyşynda, geosyýasy söweşleriň artandygyny belläp: “Lider güýçleriň arasyndaky çaknyşyk, awtomatiki ýagdaýda Ýewraziýadaky ençeme dartgynly nokada süýşýär we Siriýa bilen Ukrainadaky krizisleriň parahatçylykly çözgüt etabyny kynlaşdyrýar” diýip belledi.

Nazarbaýew, Ukraina krizisiniň çözülmegi bilen baglanşykly Putin bilen Zelenskiýniň ikiçäk duşuşyk geçirmelidigini nygtap: “Ähli meseleleri jedelleşmek üçin bular ýaly duşuşygyň mümkin bolup-bolmandygyny soramak üçin taraplar bilen gürleşdim. Häzirki wagtyň gowy bir pursatdygyny pikir edýärin. Ikiçäk duşuşyk üçin Zelenskiýniň razylygyny aldym. Muny Russiýanyň Döwlet baştutanyna ýetirdim. Eger bitarap bir ýer zerur bolsa Gazagystany teklip etdim” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar