Nazarbaýewiň ýegeni Milli howpsuzlyk komitetindäki wezipesinden çetleşdirildi

Gazagystan Respublikasynyň esaslandyryjysy Nursoltan Nazarbaýewiň ýegeni Samat Abiş, Milli howpsuzlyk komitetiniň Başlygynyň 1-nji orunbasary wezipesinden çetleşdirildi

1763671
Nazarbaýewiň ýegeni Milli howpsuzlyk komitetindäki wezipesinden çetleşdirildi

Gazagystanyň Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanatda, Prezident Kasym Žomart Tokaýewiň kararyna laýyklykda Samat Abişiň ýurdyň Milli howpsuzlyk komitetiniň Başlygynyň 1-nji orunbasary wezipesinden çetleşdirilendigi habar berildi. 

Ozal bolsa Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Karim Masimowyň we orunbasarlarynyň watana dönüklik etmek aýyplamasy bilen göz tussaglygyna alynandyklary, emma Samat Abişiň wezipesini dowam etdirýändigi beýan edilipdi. 

Nursoltan Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýewiň hem Milli Telekeçiler palatasy Atamekeniň başlygy wezipesinden çetleşdirilendigi aýan edilipdi. 



Degişli Habarlar