Nazarbaýewiň ykdysady strategiýalary analiz edildi

Nursoltan Nazarbaýewiň ykdysady strategiýalary Stambulyň Mimar Sinan uniwersitetinde geçirilen ylmy-amaly maslahatda analiz edildi

1103982
Nazarbaýewiň ykdysady strategiýalary analiz edildi

Stambulda geçirilen maslahatda gazak lideriniň çykyşlaryndan ugur alyndy

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň halka ýüzlenip eden çykyşynda beýan eden ykdysady strategiýalary Stambulyň Mimar Sinan uniwersitetinde geçirilen ylmy-amaly maslahatda analiz edildi

Maslahatyň moderatorlygyny ýerine ýetiren uniwersitetiň Taryh bölüminiň ýolbaşçysy Prof.Dr. Abdulwahap Kara Nazarbaýewiň ýurdunyň ykdysady şertlerini gowulandyrmak, syýasy maksatlaryny kesgitlemek we güýçli ykdysadyýet gurmak üçin 1997-nji ýyldan bäri 23 gezek halka ýüzlenip çykyş edendigini aýtdy.

Nazarbaýewiň 2030-nji ýyla çenli bolan döwür üçin giň gerimli maksatnamalaryny çykyşynda gürrüň berýändigini aýdan Kara, şolaryň diňe bir Gazagystana däl, bütin türki dünýä ýol görkeziji häsýete eýedigini nygtady.

Maslahatda Astanada ýerleşýän Gumilýew adyndaky Ýewraziýa uniwersitetiniň taryh we žurnalistika bölüminde doktorlyk bilimini alýan talyplar hem Nazarbaýewiň türk dünýädäki orny, garaşsyzlykdan şu günki güne çenli halka ýüzleniş çykyşlaryndaky başlangyç ykdysady strategiýalar, milli taryh we medeni orýentasiýasy bilen taryh düşünjesiniň ösdürilmegi ugrundaky işlerini gürrüň berdiler.



Degişli Habarlar