Nur-Sultanda 17-nji Halkara Bilim we Ylym Sergisi Açyldy

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda 17-nji Halkara Bilim we Ylym Sergisi Açyldy

1309452
Nur-Sultanda 17-nji Halkara Bilim we Ylym Sergisi Açyldy

“Atakent Expo” firmasy tarapyndan Körme sergi merkezinde guralan serginiň açylyş dabarasyna pudaklaryň wekilleri, diplomatlar we myhmanlar gatnaşdylar.

Sergide Gazagystandan, Russiýadan, Bolgariýadan, Kanadadan, Litwadan, Polşadan we Şweýsariýadan uniwersitetleriň wekilleri stend açdylar.

Sergä gatnaşan Halkara Hoja Ahmet Ýasawy gazak-türk uniwersitetiniň rektorynyň kömekçisi Ýedil Tölegenow “Anadoly” habarlar gullugyna beren beýannamasynda uniwersitetiniň şertlerini tanyşdyrmak isländikllerini aýtdy.

Ahmet Ýasawy uniwersitetiniň welaýatyň merkezi Türkistan şäherinde ýerleşmeği sebäpli ünsleri özüne çekýändigini nygtan Tölegenow: “Soňky 2 ýylda talyplarymyzyň sany 2 esse artdy we 10 müňden geçdi. Şonuň 15 göterimi daşary ýurtly talyplardan ybarat” diýdi.

Uniwersitetiň Gazagystanda halkara derejä eýe bolan ýeke-täk ýokary mekdepdigine ünsi çeken Tölegenow gazak, türk, iňlis we rus dillerinde bilim berilýändigini aýtdy.

Sergi anna güni ýapylar.



Degişli Habarlar