Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli Bakuwda saparda bolýar

Pakdemirli we Kerimow “Ekerançylyk ätiýaçlandyryşlary boýunça hyzmatdaşlyk ähtnamasyna” gol goýdular

1104097
Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli Bakuwda saparda bolýar

Türkiýe bile Azerbaýjanyň arasynda “Ekerançylyk ätiýaçlandyryşlary boýunça hyzmatdaşlyk ähtnamasyna” gol çekişildi

Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli Bakuwa guraýan iş saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Oba hojalyk ministri İnam Kerimow bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda oba hojalyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary seljerildi, gatnaşyklaryň hasam ösdürilmegi boýunça pikir alyşyldy.

Duşuşykdan soň Pakdemirli we Kerimow “Ekerançylyk ätiýaçlandyryşlary boýunça hyzmatdaşlyk ähtnamasyna” gol goýdular.

Metbugata beýanat beren Pakdemirli Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini nygtadylar.

Pakdemirli Türkiýäniň ekerançylyk pudagy taýdan Ýewropada birinji, dünýäde 7 orny eýeleýandigini ýatlatdy.

Azerbaýjanyň Oba hojalyk ministri Kerimow bolsa ähli ugurda bolşy ýaly ekerançylyk pudagynda-da Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda nusgawy hyzmatdaşlygyň bardygyny aýtdy.

Kerimow Türkiýe bilen oba hojalyk pudagynda okuw-seminarlarynyň geçirilmegi, ekrançylygyň ätiýaçlandyrylmagy, ekiş we maldarçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk ugurlarynyň kesgitlenendigini nygtady.



Degişli Habarlar