Orban Türkiýäniň ÝB-ne agzalygy üçin hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýtdy

Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban Azerbaýjan we Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özlerini buýsandyrjakdygyny beýan etdi

1288601
Orban Türkiýäniň ÝB-ne agzalygy üçin hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýtdy

Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban ÝB Komissiýasynda goňşuçylyk syýasaty we agzalyk gepleşiklerinden jogapkär agzalyga saýlanan halatlarynda Türkiýäniň ÝB-ne agzalygy üçin hyzmatdaşlyk etjekdiklerini beýan etdi.

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň 7-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjanda saparda bolýan Wengriýanyň Premýer ministri Orban Türkiýäniň ÝB-ne agzalygy barada beýanat berdi.

Orban: “Wengriýa häzirki wagtda ÝB-de golaýynda dörediljek Komissiýada goňşuçylyk syýasaty we agzalyk gepleşiklerinden jogapkär agzalyga saýlanmak üçin tagalla edýär. Saýlanma ähtimallygymy az däl, emma göreş diýseň çekeleşikli. Eger şol agzalyga saýlanyp bilsek, onda ÝB-niň Gündogar hyzmatdaşlygy maksatnamasynyň çäginde Azerbaýjan bilen agzalyk meselesinde bolsa Türkiýe bilen hyzmatdaşlygymyz bolar. Alyp barjak işlerimizde size goldaw bermek bizi buýsandyrar” diýdi.

Orban şeýlede 19-njy sentýabrda Budapeştde Türk geňeşiniň Ýewropa wekilhanasynyň ofisiniň açylandygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar