Özbegistan bilen Eýranyň arasynda 3 ýyl soň uçar saparlary ýaňadandan başlady

Tähran-Daşkent saparlary hepde-de bir gezek duşenbe günleri amala aşyrlar

1320916
Özbegistan bilen Eýranyň arasynda 3 ýyl soň uçar saparlary ýaňadandan başlady

 

Özbegistanyň Transport ministrliginden berlen beýanata görä, Eýranyň Zagros howa ýoly firmasy şu gün Tähran-Daşkanet uçar saparyny gurady.

Daşkent howa menziline 3 ýyl soň baran uçaryň ýolagçylary özbek ýolbaşçylary tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Tähran-Daşkent saparlary hepde-de bir gezek duşenbe günleri amala aşyrlar.

Uçar saparlarynyň wagtyň geçmegi bilen hepde-de iki gezek amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Özbegistanyň Raýat Awiasia gullugy geçen aý Eýranyň Zagros howa ýoly firmasyna Tähran-Daşkent saparlaryny amala aşyrmagyna rugsat beripdi.

Iki ýurduň paýtagtlarynyň arasyndaky uçar saparlary 2016-njy ýylda saklanypdy.

 

 



Degişli Habarlar