Özbegistan-Täjigistan bilelikdäki harby türgenleşigi başlady

Özbegistanyň Namangan welaýatyndaky Gurumsaraý poligonynda Özbegistan bilen Täjigistanyň ýaragly güýçleriniň gatnaşmagynda “Merkez-2019” harby türgenleşigi başlady

1271978
Özbegistan-Täjigistan bilelikdäki harby türgenleşigi başlady

Özbegistanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannama görä ýurduň Täjigistan serhedindäki Namangan welaýatyndaky Gurumsaraý poligonynda başlan bilelikdäki harby türgenleşikde kanun ýollardan ýurda giren ýaragly toparlara garşy göreşde hyzmatdaşlyk temasy işlener.

Şu ýyl ikinjisi geçirilýän we 100-den gowrak özbek we täjik esgeriniň gatnaşýan türgenleşiginde Özbegistanyň ýaragly güýçlerine degişli harby ulaglardyr enjamlar hem ulanylýar.

Terror toparlarynyň anyklanmagynda we täsirsiz ýagdaýa getirilmeginde bilelikde hereket etmek boýunça geçirilýän türgenleşik hepdäniň ahyryna çenli dowam eder.



Degişli Habarlar