Özbegistana uçar petekleriniň nyrhynyň aşaklamagyna garaşylýar

Bu barada Özbegistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň Geňeşçi ilçisi Şuhrat Ýigitaliýew habar berdi

1270459
Özbegistana uçar petekleriniň nyrhynyň aşaklamagyna garaşylýar

Özbegistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň Geňeşçi ilçisi Şuhrat Ýigitaliýew Özbegistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek hakynda çykan karara laýyklykda uçar petekleriniň nyrhynyň aşaklamagyna garaşylýandygyny we Özbegistanyň syýahatçylyk pudagynda täze başlangyçlary iş ýüzüne geçirjekdigini aýtdy.

Özbegistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynda “Gezelenç syýahatçylygynyň çarter uçarlar bilen amala aşyrylmagy” temaly maslahada Türkiýede we Özbegistanda iş alyp barýan syýahatçylyk firmalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda çykyş eden Ýigitaliýew syýahatçylygyň hem Türkiýe hem-de Özbegistan üçin esasy pudaklardan biridigini nygtap, iki ýurduň arasyndaky syýahatçylygyň halklaryň dostlugyny ösdürjekdigini aýtdy.

Türkiýeden esasanda Özbegistandaky taryhy we dini ýadygärliklere uly gyzyklanmanyň bardygyny aýdan Ýigitaliýew, syýahatçylyk firmalarynyň hyzmatdaşlyk etmeginde onuň hasam artjakdygyny nygtady.

Ýigitaliýew: “Özbegistanda bir aý ozal awiasiýa hakynda täze karar çykdy. Şol karara laýyklykda uçar petekleriniň nyrhy ýarysyna çenli aşaklar. Özbegistan syýahatçylykda täze başlangyçlary iş ýüzüne geçirer” diýdi.



Degişli Habarlar