Özbek Lideri BMG-niň Baş Assambleýasyna Özbek Dilinde Çykyş Etdi
Özbegistanyň Prezidenti Şawkot Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasyna özbek dilinde çykyş etdi
Özbegistanyň Prezidenti Şawkot Mirziýoýew BMG-niň Baş Assambleýasyna özbek dilinde çykyş etdi
Mirziýoýew: “Şu günki günde ýurdumyzdaky demokratik özgertmeleriň gerimi günsaýyn giňeýär” diýdi.
Şawkot Mirziýoýew BMG-niň 75-nji Sessiýasyndaky wideo çykyşynda rus dilinde däl, eýsem özbek dilinde geplemegi saýlap aldy.
Özbegistanyň garaşsyzlygyndan bäri prezident hökmüde BMG-niň Baş Assambleýasyndaky çykyşynda rus dilinde däl, eýsem ilkinji gezek özbek dilinde çykyş etmegi saýlap alan Mirziýoýew çykyşynda koronawirus epidemiasynyň adamzadyň şeýle global howplara garşy goragsyzdygyny görkezendigini we yzgiderli dialogyň, ynamyň we hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aç-açan görkezendigini beýan etdi.
Mirziýoýew şol çäkde edilýän tagallalaryň birleşdirilmeginiň, borçlaryň berçinlendirilmeginiň, halkara hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmeginiň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hukuk derejesini we potensialyny artdyryp, ygtyýaryny giňeltmegiň hökmanydygyny nygtady.
Üç ýyl ozal özüniň BMG-niň Baş Assambleýasynda Özbegistanyň düýpli özgertmeleri iş ýüzüne geçirmekde ygrarlydygyny beýan edendigini ýatladan Mirziýoýew: “Syýasy, jemgyýetçilik we ykdysady özgertmeleriň çäginde edilen giň gerimli özgerlişikleriň netijsinde täze Özbegistany gurýarys. Şu günki günde ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň gerimi günsaýyn giňeýär” diýdi.
Degişli Habarlar
DKTR Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy
Beýannamada, hyýanatçylykly hüjüm sebäpli rus halkyna gynanç bildirildi.