Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy

Zagulba köşgünde bolan duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi we 1 sagat 10 minut dowam etdi

1287848
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy

 

Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) 7-nji liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Prezident R. T. Erdogan paýtagt Bakuda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy

Zagulba köşgünde bolan duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi we 1 sagat 10 minut dowam etdi.

Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde şu gün Türkiýe-Azerbaýjan Iş geňeşiniň maslahatyna gatnaşar, ertir hem Türk Geňeşine agza ýurtlaryň liderleri bilen duşuşar

Türk Geňeşiniň 7-nji liderler maslahatynda, Özbegistan gurama resmi taýdan agza bolar

“Türk dünýäsiniň aksakgaly” hökmünde bilinýän Gazagystanyň esaslandyryjy Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewe hem Türk geňeşiniň hormatly başlygy ady dakylar



Degişli Habarlar