Prezident Erdogan, Liderler Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliklerinde doglan günü bilen gutlan liderlere sagbolsun aýtdy.
Prezident R. T. Erdogan, doglan günü mynasibetli özüni gutlan liderler bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan, Gazagystanyň Esaslandyryjy Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, Bosniýa-Gersegowinanyň Halklar mejlisiniň başlygynyň orunbasary Bakir İzzetbegowiç bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliklerinde doglan günü bilen gutlan liderlere sagbolsun aýtdy.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýew hem Erdogany doglan günü bilen gutlady.
Tokaýew, Prezident Erdogana ugradan gutlan ýüzlenmesinde, “Türkiýe siziň liderligiňizde we alyp barýan deňagramly syýasatlaryň netijesinde durnukly ýagdaýda ösýär, halkyň hal-ýagdagyny gowulandyrmak, sebitdäki we halkara derejesindäki täsirini güýçlendirmek üçin uly tagalla edýär. Size durmuşa geçirýän işeriňizde rowaçlyk arzuw edýärin” diýdi.