Prezident Erdogan Türk Geňeşiniň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana gider

Prezident Erdoganyň maslahatyň çäginde Türk Geňeşine agza ýurtlaryň liderleri bilen özara gepleşik geçirmegi meýilleşdirilýär

1287106
Prezident Erdogan Türk Geňeşiniň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana gider

Prezident R. T. Erdogan Türk Geňeşine agza ýurtlaryň 7-nji liderler maslahatyna gatnaşmak üçin ertir Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa gider

Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan we Gyrgyz Respublikasy tarapyndan, Türk Geňeşiniň 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda gol çekişilen Nahyçewan şertnamasynyň baglaşylan gününiň 10 ýyllygyna gabat gelýän maslahat, Özbegistanyň gurama doly agza boljakdygy sebäpli diýseň möhüm.

Maslahatda mundan başgada “Türk dünýäsiniň Aksakgaly, Gazagystan Respublikasynyň esaslandyryjy Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewe, Türk Geňeşiniň Hormatly başlygy ady dakylar

Maslahatda Türki dilli ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasy TÜRKPA-nyň, Halkara türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ-yň, Türk Akademiýasynyň, Türk medeniýet we miras gaznasy bilen Türkiýäniň senagat we söwda birleşmesiniň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi maksady bilen Türk Geňeşiniň utgaşyklyk komitetiniň döredilmegi bilen arabaglanşykly kararyň kabul edilmegine garaşylýar

Prezident Erdoganyň maslahatyň çäginde Türk Geňeşine agza ýurtlaryň liderleri bilen özara gepleşik geçirmegi meýilleşdirilýär

 



Degişli Habarlar