Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý DKTR-da saparda boldy

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý Egeý deňizindäki adalaryň ýaragsyzlandyrylmagy iň gysga wagtda ýerine ýetirilmese, ol ýerleriň özygtyýarlygyny halkara hukugyň we ylalaşyklaryň çäginde soraga çekjekdiklerini habar berdi

1847741
Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý DKTR-da saparda boldy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda (DKTR) düýn resmi sapada bolan Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, ýurduň Prezidenti Ersin Tatar bilen geçiren duşuşygyndan soň, umumy metbugat ýygnagynda çykyş etdi. 

DKTR-nyň durnuklylyk içinde özgerip ähli guramadyr-edaralary bilen güýçlenmegine uly ähmiýet berýändiklerini aýdan Oktaý, Kipr türkleriniň 1571-nji ýyldan bäri esasy elementi bolan öz topraklarynda, özygtyýarlylygyny berkitmegi üçin doly ýagdaýda goldaýandyklaryny beýan etdi. 

Kipr meselesinde çözüwiň öňüni açjak ýeke täk ýoluň, Kipr türk halkynyň özygtyýarly deňligiň we deň halkara statusynyň ykrar edilmegidigini aýdan Oktaý: "Bular ýaly çözgüt Gündogar Ortaýer deňizindäki hyzmatdaşlyk gurşawynyň özgermeginede goşant goşar" diýip belledi. 

Geçen hepde Gresiýanyň Premýer ministriniň Kipriň Grek bölegine guran saparynda parahatçylygyň höküm sürýän ada utanman, ýadaman Ukraina meňzedýändigini we Parahatçylyk operasiýasyna dil ýetirendigini aýdan Oktaý: "Üstesine bulary aýdýan, halkara ylalaşyklaryň düzgünlerini açyk ýagdaýda bozup, Egeý deňizindäki adalaryny ýaraglandyrýan ýurdyň Premýer ministridir. Egeý deňizindäki adalaryň ýaragsyzlandyrylmagy iň gysga wagtda ýerine ýetirilmese, ol ýerleriň özygtyýarlygyny halkara hukugyň we ylalaşyklaryň çäginde soraga çekiler" diýip nygtady. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý saparynyň çäginde DKTR-nyň Premýer ministri Ünal Üstel we Respublika mejlisiniň başlygy Zorlu Töre bilen hem duşuşyklar geçirdi. 



Degişli Habarlar