Şamahy Türk Dünýäsiniň Syýahatçylyk Paýtagty Hökmünde Saýlandy

Şamahy şäherinde Türk döwletleri guramasynyň Syýahatçylyk ministrleriniň 7-nji maslahaty geçirildi.

1832133
Şamahy Türk Dünýäsiniň Syýahatçylyk Paýtagty Hökmünde Saýlandy

Azerbaýjanyň Şamahy şäheri, Türk döwletleri guramasy tarapyndan Türk dünýäsiniň 2023-nji ýyldaky syýahatçylyk paýtagty hökmünde saýlandy.

Şamahy şäherinde Türk döwletleri guramasynyň Syýahatçylyk ministrleriniň 7-nji maslahaty geçirildi.

Azerbaýjanyň döwlet syýahatçylyk gullugynyň başlygy Fuad Nagiýeiň ýer eýeçiliginde we Türk döwletleri guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewiň ýolbaşçylygynda geçirlen maslahata, Özbegistanyň Wise-premýeri Syýahatçylyk we medeni miras gaznasynyň başlygy Aziz Abduhakimow, Türkiýäniň Syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alparlan, Gazagystanyň Medeniýet we sport ministriniň orunbasary Ýerjan Ýerkinbaýew bilen birlikde ýokary derejeli hökümet ýolbaşçylary we hünärmenler gatnaşdy.

Maslahatda, Türk döwletleri guramasyna agza we synçy ýurtlaryň uly şäherleriniň arasyndaky uçar saparlarynyň sanynyň artdyrylmagy, syýahatçylyk meselesinde maglumat çalşygy we tejribe alyşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda Azerbaýjanyň Şamahy şäheriniň 2023-nji ýylda Türk dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty hökmünde saýlanmagy barada karar kabul edildi.

 



Degişli Habarlar