"Şehitleriň yzy ýarasyn doganlyk Türkiýe”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Idlibde guralan howa hüjüminde şehit bolan türk esgerleri üçin gynanç bildirdi

1368549
"Şehitleriň yzy ýarasyn doganlyk Türkiýe”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Siriýanyň Idlib welaýatynda guralan howa hüjüminde şehit bolan türk esgerleri üçin Prezident R. T. Erdogana gynanç bildirdi.

Aliýew “Eziz doganym” diýip başlaýan ýüzlenmesinde “Türk esgerleriniň şehit bolmagyna uly gynanç bildirýärin. Size, şehit esgerleriň hossarlaryna we doganlyk türk halkyna, öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan duýgudaşlyk bildirýärin. Şehitlere Alladan rehnet dileýärin” diýdi.

Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň ýüzlenmesinde hem “İdlibde türk esgerleriniň şehit bolmagy bizi çuňňur gynandyrdy. Şehitlere Alladan rehnet, hossarlaryna we türk halkyna uly gynanç bildirýäris. Şehitleriň yzy ýarasyn doganlyk Türkiýe” diýildi.

 



Degişli Habarlar