Şentop Japarow Tarapyndan Kabul Edildi

Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türki dilli döwletleriň Parlamentar Assambleýasynyň 11-nji Sessiýasynyň çäginde Gyrgyzstanyň Çolpan-Ata şäherinde Prezident Sadyr Japarow tarapyndan kabul edildi.

1847911
Şentop Japarow Tarapyndan Kabul Edildi

Gyrgyzstanyň Prezidentiniň Metbugat merkezinden berilen beýannama görä Japarow Şentop bilen duşuşygynda parlamenlerara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bilelikde özra gatnaşyklaryň işjeň ugurlary hakynda pikir alyşdy.

Japarow gyrgyz we türk halklarynyň medeniýetlerinde hem-de däp-dessurlarynda umumy gymmatlyklara eýedigini nygtap; “Biz özara gatnaşyklarymyzy ösdürmäge elmydama taýýar” diýdi.

Bütindünýä Çarwa oýunlarynyn 4-njisiniň şu ýyl Bursa welaýatynyň İznik şäherinde geçiriljekdigini aýdan Japarow, oýunlara gatnaşjak gyrgyz tarapynyň guramaçylyk işlerine hem goşant goşmaga isleg bildirýändigini beýan etdi.

Şentop bolsa TBMM-niň döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşmaga taýýardygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar