Siriýa temaly 12-nji maslahat aprel aýynyň ahyrynda geçiriler

Siriýa temaly Kepillendiriji ýurtlaryň 12-nji  maslahaty aprel aýynyň 25-26-sy aralygynda Gazagystanyň paýtagty Nur Soltan şäherinde geçiriler

1184349
Siriýa temaly 12-nji maslahat aprel aýynyň ahyrynda geçiriler

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Türkiýe, Eýran we Russiýa bilen birlikde Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň we oppozisionerleriň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda guraljak Siriýa temaly 12-nji maslahat aprel aýynyň 25-26-sy aralygynda geçiriler.

BMG-niň we Iordaniýanyň wekiliýetleriniň synçy hökmünde gatnaşjak maslahatda, Idlib, Siriýanyň demirgazygy, çaknyşýan taraplaryň arasynda ynam artdyryjy ädimler, bosgunlaryň ýurtlaryna gaýdyp barmaklary, ynsanperwer kömek we söweşden soň ediljek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar.

Mundan başgada maslahatda ozal geçiriljek tehniki gepleşikleriň gün tertibinde, Konstitutsiýa komitediniň emele getirilmegi bilen baglanşykly işleriň tamamlanmagy we maslahat etabyna täze synçy ýurtlaryň gatnaşmagy ýaly meseleler ele alynar.

25-nji aprelde ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn formatda geçiriljek tehniki gepleşikler bilen başlajak maslahatyň esasy bölegi 26-njy aprelde geçiriler.

Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň kepilligindäki Astana formatly gepleşikler, 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri dowam edýär.


Etiketkalar: #Gazagystan , #Siriýa , #maslahat

Degişli Habarlar